ŞHG-na agza ýurtlaryň DİM-leriniň maslahaty Bişkekde geçilýär

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow guramanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk mehanizmlerini döretmegi üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy

1206272
ŞHG-na agza ýurtlaryň DİM-leriniň maslahaty Bişkekde geçilýär

Prezident Jeenbekow ŞHG-na agza ýurtlaryň DİM-leriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Bikekde bolýan ministrleri Prezident köşkünde kabul etdi.

Duşuşyga Hytaýyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdy.

Jeenbekow ŞHG-nyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek boýunça deňi taýy bolmadyk halkara guramadygyny we Şanhaý ruhunyň gatnaşyklarda beýan tapýandygyny nygtady.

Gyrgyz Respublikasynyň guramanyň çäginde köp ugurly hyzmatdaşlygy daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde kabul edýändigini beýan eden Jeenbekow: “Bu diňe bir beýanat däl, iki taraply ynam, deňlik we sarpa goýmak üçin hakyky ýörelge” diýdi.

İýun aýynyň 14-15-i aralygynda Bişkekde geçiriljek ŞHG-na agza ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň maslahaty barada-da pikir alyşandyklaryny aýdan Jeenbekow gurama döwürleýin ýolbaşçylyk eden möhletlerinde berilen kömek we goldaw üçin ministrlere sagbolsun aýtdy.

Jeenbekow Gyrgyz Respublikasynyň ŞHG-nyň döwürleýin ýolbaşçylygynda agza ýurtlaryň howpsyzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň, goranmak ministrleriniň we bikanun neşe söwdasyna garşy göreş guramalarynyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaryň geçirilendigini, dürli forumlaryň guralandygyny sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar