Türkmen lideri Putine türkmen alabaý itini sowgat etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wepaly atly türkmen alabaý itini Putine sowgat etdi

825861
Türkmen lideri Putine türkmen alabaý itini sowgat etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Soçi şäherinde duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Russiýa gitdi. Türkmen lider we Russiýanyň döwlet baştutany Soçi şäherinde duşuşyk geçirdiler. 

Duşuşykda rus lider Putin 2-nji oktýabrda Türkmenistana guran resmi saparynda mähirli we dostlukly garşylandygy üçin türkmen liderine minnetdarlyk bildirdi.

Russiýanyň lideri Putiniň dogulan gününi ýatladan Türkmenistanyň Döwlet baştutany Berdimuhamedow: "Birnäçe gün ozal dogulan günüňizdi. Şol sebäpli sizi gutlaýaryn, saglyk, üstünlik we ähli zadyň iň gowusyny dileg edýärin" diýdi.

Ondan soň Putine türkmenleriň wepaly dosty hökmünde görýän, ady Wepaly bolan türkmen alabaý itini sowgat beren Berdimuhamedow: Türkmen alabaý itiniň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Ý Aziýa oýunlarynyň simwoly bolandygyny ýatlatdy we türkmen alabaý itleriniň goralmagyna uly ähmiýet berýändiklerini belledi.


Etiketkalar: #türkmen , #it , #alabaý , #Russiýa , #Putin , #sowgat

Degişli Habarlar