Türkiýäniň Premýer ministri Tatarystanda saparda bolýar

Moskwadan soň Kazan şäherine geçen Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym öňümizdäki ýylda ähli adamlaryň erkin ýagdaýda syýahat edip bilmekleri üçin ellerinden gelenini etjekdiklerini mälim etdi

625677
Türkiýäniň Premýer ministri Tatarystanda saparda bolýar

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Russiýa Federasiýasyndan soň Tatarystan Respublikasynda saparda boldy.

Paýtagt Kazanda Türkiýe-Tatarystan işewürler maslahatynda çykyş eden Ýyldyrym: “Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen birlikde Tatarystanda maýa goýumlar artar. Tatarystanyň ösen derejä eýe bolmagy gatnaşyklarymyz üçin möhüm ähmiýete eýe. Energetika pudagy başda bolmak bilen Russiýa Federasiýasy bilen ägirt uly taslamalary durmuşa geçirýäris. 2023-nji ýyla çenli 100 milliard dollar söwda kuwwadyna ýetmek ýaly maksadymyz bar. Bu taslamalara Tatarystan hem gatnaşyp biler” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym: “Düýn Moskwadadyk. Russiýanyň Premýer ministri Medwedew we Prezidenti Putin bilen duşuşyklar geçirdik. Iki ýurduň ösmegi we özgermegi taýdan gerek bolan ähli şertleriň bardygyny dile getirdik. Sebitiň iň ösen ýurtlary bolan Russiýa we Türkiýe özara gatnaşyklaryny ösdürerler. Bu gatnaşyklar energetika bilen çäkli bolmaz. Ençeme pudagy öz düzümine alar. Onuň ifrastrukturasy taýarlandy” diýip belledi.



Degişli Habarlar