Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna...

Garaşsyzlyk güni özygtýarly ösüşiň çärýek asyry döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr

598057
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna...

Garaşsyzlyk güni özygtýarly ösüşiň çärýek asyry döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr.

Garaşsyzlyk döwri milli medeniýetiň gülläp ösen döwri boldy. Çärýek asyr döwrüň içinde ruhy mirasymyzy çuňňur öwrenmek we ony dünýäde wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp baryldy. Türkmen halky özüniň milli gazananlaryna, çeper sözüň ussatlaryna, filosoflaryna, ylymda, edebiýatda we beýleki ulgamlarda öz mekdebini we ugruny döreden watandaşlarymyza buýsanýar Häzirki döwürde pederlerimiziň taryhy-medeni mirasy biziň ruhy hem-de medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň esasyny düzýär. Türkmenistan gadymy medeniýetleriň merkezleriniň biri bolmak bilen, häzirki döwürde sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň binýadyny gurýar we dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ynsanperwerlik gymmatlyklary esasynda gatnaşyklaryny ösdürýär.



Degişli Habarlar