Atambaýew İzmire bardy

Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde uçara münjek mahaly ýarawsyzlanan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew İzmire geldi

573635
Atambaýew İzmire bardy

Stambulda ýarawsyzlanan Atambaýew İzmirin Çeşme etrabynda lukmanlaryň gözegçilik etmeginde dynç alýar.

BMG-niň Nýu-Ýorkda geçirilýän sessiýasyna gatnaşmak üçin düýn Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde uçara münjek mahaly ýarawsyzlanan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti döş agyrysy sebäpli lukmanlar tarapyndan barlagdan geçirilipdi.

Giçara uçar bilen İzmiriň Adnan Menderes adyndaky howa menziline gelen Atambaýew ol ýerden Çeşmedäki myhmanhanalaryň birinde ýerleşdi.

Lukmanlaryň gözegçilik etmeginde dynç alýan Almazbek Atambaýew üçin bolýan myhmanhanasynyň öňünde tiz kömek ulagy garaşdyrylýar.



Degişli Habarlar