Berdimuhamedow Erdogana duýgydaşlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ankara şäherinde bolup geçen terrorçylykly waka zerarly Prezident R.T.Erdogana gynanç hatyny ugratdy

450875
Berdimuhamedow Erdogana duýgydaşlyk bildirdi

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gynanç hatynda şeyle diýilýär:

“Siziň Alyhezretiňiz,

Gadyrly doganym,

Ankara şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, meniň gynanjymy kabul edin.

Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.

Şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna meniň ýürekden gynanjymy hem-de medet beriji sözlerimi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,”


Degişli Habarlar