Taryhda 5-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1539938
Taryhda 5-nji dekabr

1791-nji ýylyň 5-nji dekabry… Awstriýaly kompozitor Wolfgand Amadues Mosart Wenada dünýeden ötýär. Mosart 35 ýyllyk ömründe 626 eser döredýär. Eserleri simfoniýalardan opera çenli kassiki sazyň ençeme ugruna täsirini ýetirýär.

1934-nji ýylyň 5-nji dekabry… Türkiýede zenanlara halk deputatlaryny saýlamak we saýlanmak hukugyny berýän kanun Mejlisde kabul edilýär. Kanuna laýyklykda 22 ýaşyny dolduran zenanlara ses bermek hukugy, 30 ýaşyny dolduran zenanlara bolsa halk deputatlygyna saýlanma hukugy berilýär. 1935-nji ýylyň 8-nji fewralynda geçirilen saýlawda 18 zenan halk deputatlygyna saýlanýar.

1951-nji ýylyň 5-nji dekabry… BMG-niň çäginde Halkara Migrasiýa Guramasy döredilýär. Gurama immigrantlaryň başga bir ýurda ýerleşdirilmegi, meýletin yza dolanjaklara kömek bermek, immigrantlaryň saglygy, pul serişdesini ugratmak we kanuny migrasiýa şertlerini goldamak ýaly ugurlarda iş alyp barýar.

2013-nji ýylyň 5-nji dekabry… Rasizme garşy göreşiň simwolyna öwrülen Günorta Afrikanyň ilkinji garaýagyz döwlet ýolbaşçysy Nelson Mandela dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar