Taryhda 12-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1471173
Taryhda 12-nji awgust

1964-nji ýylyň 12-nji awgusty…  Kiprde grekleriň türklere garşy ýaragly hüjümleriniň ýaýbaňlanmagy we Gresiýa bilen birleşmek hakyndaky çagyryşlary sebäpli türk harby uçarlarynyň Kiprde eden uçuşlary BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň çagyryşyna laýyklykda bes edilýär. Geňeş Parahatçylyk Güýjüniň iki halkyň arasynda ara zolak döredilmegi hakynda karar kabul edýär.

1964-nji ýylyň 12-nji awgusty… Ýazan kitaplary bilen meşhur bolan içaly “Jeýms Bond” obrazyny bütin dünýä tanadan iňlis ýazyjysy Fleming 56 ýaşynda dünýeden ötýär.

2000-nji ýylyň 12-nji awgusty… Russiýa degişli atom deňizasty gämisi “Kursk” Barens deňizinde batýar. 118 deňizçä mazar bolan deňizasty gämisiniň partlamalagy sebäpli batandygy anyklanýar.



Degişli Habarlar