Taryhda 23-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1459973
Taryhda 23-nji iýul

 

1919-njy  ýylyň 23-nji iýuly… 1-nji Jahan urşundan soň Anadolynyň basylyp alynmagyna garşy ilkinji guramaçylykly maslahat bolan Erzurum Kongresi öz işine başlaýar. Amasýa Jarnamasynda kabul edilen kararlara laýyklykda geçirilen kongrese esasy bölegi basylyp alynan welaýatlardan gelen 62 delegat gatnaşýar. 19-njy maýda Samsuna gelip, milli göreşi başladan Mustafa Kemal serkerde Kongresiň başlyklygyna saýlanýar.

 

2004-nji ýylyň 23-nji iýuly…Ýugoslawiýadaky içerki uruşda serpleriň we horwatlaryň hüjümleri sebäpli ýykylan Mostar köprüsi ýaňadandan açylýar. Asyrlaryň dowamynda Bosniýada hoşniýetliligiň we medeni köpdürliligiň simwoly bolan Mostar köprüsiniň açylyşyna Türkiýe bilen birlikde köp sanly döwletiň wekilleri gatnaşdylar.

2005-nji ýylyň 23-nji iýuly… Terror guramasy Al Kaýda Müsüriň Şarm Al Şeýh şäherinde 3 ýere bombaly hüjüm guraýar. Hüjümde 20 sanysy daşary ýurtly 68 adam ýogalýar.

 



Degişli Habarlar