Taryhda 10-njy iýul

Taryhyň Şu Güni

1452622
Taryhda 10-njy iýul

 

1921-nji ýylyň 10-njy iýuly… Anadolyny basyp almaga dowam edýän grek goşunlary bilen türk goşunlarynyň arasynda Kütahýa-Eskişehir uruşlary başlaýar. Grek hüjümleri sebäpli türk goşunlary Sakarýa derýasynyň gündogaryna çekilýär. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi Sakarýa söweşine taýarlyk üçin 5-nji awgustda Mustafa Kemal serkerdäni çäksiz ygtyýarlar bilen “Serkerdebaşy” yglan edýär.

1985-nji ýylyň 10-njy iýuly… Grinpisiň gämisi “Rainbow Warrior” fransuz içalylary tarapyndan Aukland portunda bombalanyp, deňize batyrylýar. Fransiýa sobbotajy boýun alýar.

1992-nji ýylyň 10-njy iýuly… Panamanyň diktatory Manuel Noriega ABŞ tarapyndan ele salynandan soň kazyýetde bikanun neşe söwdasyny etmekde günäli tapylyp, 40 azatlykdan mahrum edilýär.

2015-nji ýylyň 10-njy iýuly… Müsüriň liwanly kino aktýory Ömer Şerif 83 ýtaşynda ýürek agyrysy sebäpli aradan çykýar.


Etiketkalar: #serkerde , #Panama , #aktýor

Degişli Habarlar