Taryhda 28-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1226588
Taryhda 28-nji iýun

1895-nji ýylyň 28-nji iýuny –  Salwador, Gonduras we Nikaragua birleşip Orta Amerika bileleşigini döretdiler.

1914-nji ýylyň 28-nji iýuny – Serbiýaly talyp Gawrilo Prinsip Awstriýa-Wengriýa döwletiniň mirasdar şazadasy Frans Ferdinandy we onuň aýalyny Saraýewoda öldürdi. Awstriýa bu wakadan soň Serbiýa garşy söweş yglan etdi we I Jahan urşy başlady.

1919-njy ýylyň 28-nji iýuny – I Jahan urşuny resmi ýagdaýda bes edýän Wersal ylalaşygy Antanta döwletleri bilen Germaniýanyň arasynda gol çekildi.

1967-nji ýylyň 28-nji iýuny – Ysraýyl Gündogar Iýerusalimi basyp aldy.

2006-njy ýylyň 28-nji iýuny – Çernogoriýa BMG-e 192-nji agza hökmünde kabul edildi.

2016-njy ýylyň 28-nji iýuny – Stambuldaky Atatürk howa menzilinde ýaragly we bombaly kamikaze hüjümleri guraldy. Hüjümiň netijesinde 45 adam ýogaldy, 239 adam ýaralandy.



Degişli Habarlar