Taryhda 25-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1151768
Taryhda  25-nji fewral

Taryhda  25-nji fewral

 

 Taryhyň şu güni başlaýar…

1964-nji ýylyň 25-nji fewraly… Muhammet Aly Klaý Sonni Listony ýeňip, dünýäniň boks çempiony bolýar.

Muhammet Alynyň musulman bolmazdan ozalky ady Kassius Marsellus Klaý… Afro-Amerikan boksçy Muhammet Aly entek 12 ýaşyndaka boks bilen tanyşýar. Gysga möhletde boksdaky başarnygy bilen ünsleri çekýär. 18 ýaşynda ganaşan Rim olimiadasynda altyn medalyň eýesi bolýar. 1964-nji ýylda boks boýunça dünýä çempiony bolandan soň dinini üýtgedip, musulman bolýar.

1994-nji ýylyň 25-nji fewraly… Günbatar Şerianyň Habron şäherinde Baruç Goldtein atly ýehudiniň od açmagy netijesinde 19 palestinaly ýogalýar, 125 sanysy ýaralanýar. Şol gyrgynçylyk taryha “Ybraýym metjidi gyrgynçylygy” hökmünde geçýär. Şondan soň başlan protestlerde bolsa 16 palestinaly we 9 ysraýylly ýogalýar.

1994-nji ýylyň ýylyň 25-nji fewraly… Türkiýäniň belli işewür adamlaryndan biri bolan Wehbi Koç ýürek agyrysy sebäpli aradan çykýar. 1901-nji ýylda dünýä inen Wehbi Koç 16 ýaşynda kakasynyň açan kiçijik dükanynda aýakgap rezinini, süýji-köke, peýnir, zeýtun, makaron ýaly harytlary satyp, söwda işine girişýär.

2000-nji ýylyň 25-nji fewraly… Meksikaly gitarçy we ýazyjy Karlos Sontana 8 Gremmi baýragyna birden laýyk görülýär. Özünden ozal Maýkl Jeksonyň “Triller” albomy bilen alan “bir gezekde iň köp Gremmi baragyny alan sungat ussady rekordyny” geçmegiň hötdesinden gelýär.



Degişli Habarlar