Taryhda 6-njy ýanwar

Taryhyň şu güni

1118466
Taryhda 6-njy ýanwar

Şu gün 2019-njy ýylyň 6-njy ýanwary. Taryhyň şu güni başlaýar…

Aragatnaşyk pudagynda täze çygyr açan, ýetilen tehnologik ösüşiň ilkinji ädimi hasaplanylýan telegraf Sauel Mors tarapyndan 1838-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda halk köpçüligine tanyşdyryldy.

1-nji Inönü söweşi 1921-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda başlaýar. Basybalyjylary ýurtdan kowmak üçin milli azat edijilik söweşini başladan türkler täze döredilen goşun bilen girişilen ilkinji söweş bolan 1-nji Inönü söweşi türkleriň ýeňişi bilen tamamlanýar.

1956-nji ýylda Kanadada 14 ýurduň gatnaşan awia şowunda Türkiýe birinji orny eýeleýär.

1960-njy ýylda Mersin nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň gurluşygyna badalga berildi.

Türkiýede adamlaryň ýanynda götermegi hem gadagan bolan walýuta aluw-satuwy 1984-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda erkin boldy.

 



Degişli Habarlar