Stambul howa menzili 4-nji gezek "Ýylyň howa menzili" hökmünde saýlandy
Stambul howa menzili "Air Transport Awards" sylaglarynyň çäginde 4-nji gezek "Ýylyň howa menzili" hökmünde saýlandy
2116893
Gresiýanyň Ekali şäherinde geçirilen dabarada, sylag Stambul howa menziliniň dolandyryjysy IGA-nyň ýolbaşçysynyň wekili Selahattin Bilgene gowşuryldy.
Şeýlelik bilen 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda bütin dünýäde bäsdeşlerinden geçip, "Ýylyň howa menzili" hökmünde saýlanan Stambul howa menzili yzly-yzyna 4-nji gezek baýraga laýyk görüldi.
Sylaglama dabarasynda çykyş eden Selahattin Bilgen 4 müňden gowrak gatnaşyjynyň sesi bilen bu sylaga yzyly-yzyna 4-nji gezke laýyk görülmegiň özleri üçin buýsandyryjydygyny beýan etdi.
Degişli Habarlar
Antalýa Gelýän Kruiz Gämileriniň Sany Köpelýär
Antalýanyň Alanýa etrabyna bolsa ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi.