Göbeklidepä 2,5 Million Adam Baryp Gördi
“Taryhyň özeni” häsýetlendirilýän Şanlyurfanyň taryhy Göbeklidepe ýadygärligine 2019-njy ýyldan bäri 2,5 milliondan gowrak adam baryp gördi.
2112961
Neolitik döwürden galan uzynlygy 3-6 metr , agramy 40-60 tonna barabar ýabany haýwanlaryň “T” biçüwli şekillerini özünde jemleýän Göbeklidepede dünýäniň iň gadymy ybadathaalarynyň galyndylary we 12 müň ýyllyk 65 santimetr uzynlygynda adam heýkeli ýaly taryhy eserler tapylypdy.
2018-nji ýylyň 2-nji iýulynda BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet düzüminiň Dünýäniň miras sanawyna goşulan Göbeklidepä ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň gyzyklanmasy günsaýyn artýar.
Günorta-gündogar Anadolynyň esasy taryhy ýadygärligine açylandan bäri 2,5 milliondan gowrak adam baryp gördi.
Degişli Habarlar
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Samsuna Geldi
“Astoria Grande” atly kruiz gämisi Samsundan soň Trabzona gider.