Stambula dynç almaga gelýän syýahatçylaryň sany artmaga dowam edýär

Stambula 2023-nji ýylda dynç almaga gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany soňky 10 ýylda 66 göterim artyp, 17 million 370 müň adama ýetdi

2106039
Stambula dynç almaga gelýän syýahatçylaryň sany artmaga dowam edýär

Welaýatyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä şähere 2013-nji ýylda 10 million 474 müň 867 daşary ýurtly syýahatçy gelen bolsa, geçen 2023-nji ýylda 17 million 370 müň 30 adam geldi. Şeýlelik bilen şähere gelen syýahatçylaryň sany soňky 10 ýylda 66 göterim artdy. 

Stambula 2014-nji ýylda 11 million 842 müň 983, 2015-nji ýylda 12 million 414 müň 677, 2016-njy ýylda 9 million 203 müň 987, 2017-nji ýylda 10 million 840 müň 595, 2018-nji ýylda 13 million 432 müň 990, 2019-njy ýylda 14 million 906 müň 663, 2020-nji ýylda 5 million 1981, 2021-nji ýylda 9 million 25 müň 4, 2022-nji ýylda 16 million 18 müň 726 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 



Degişli Habarlar