Stambul 2023-nji Ýylda Iň Köp Syýahat Edilen Şäher Boldy

Stambul şäherine 2023-nji ýylad 20 million 200 müň syýahatçy geldi

2105576
Stambul 2023-nji Ýylda Iň Köp Syýahat Edilen Şäher Boldy
istanbul.jpg
istanbul.jpg
istanbul.jpg
istanbul.jpg

Merkezi Londonda ýerleşýän halkara ylmy barlag firmasy Euromoniter tarapyndan taýarlanan habarnamada, Stambul şäherine 2023-nji ýylad 20 million 200 müň syýahatçynyň gelendigi nygtaldy.

2023-nji ýylda Stambula gelen syýahatçylaryň sany 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 26 göterim artdy.

Stambul howasy, taryhy ýerleri, aşhanasy, bogazy, türk halkynyň myhmansöýerli we muzeýlerde ulanylan tehnalogiýasy bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Britaniýanyň paýtagty London 18 million 800 müň syýahatçysy bilen habarnamada ikinji orny eýeledi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň  Dubaý şäheri 16 million 800 müň syýahatçysy bilen üçünji orny eýeledi.

 

 


Etiketkalar: #syýahatçylyk , #Stambul

Degişli Habarlar