Türkiýe 31 Ýyl Soň Ýewropanyň Çempiony Boldy

2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal alan Türkiýäniň milli ýygyndy göreş komandasy Ýewropanyň çempiony boldy.

2104131
Türkiýe 31 Ýyl Soň Ýewropanyň Çempiony Boldy
feyzullah aktürk.jpg

Türkiýäniň Milli ýygyndy göreş komandasy 31 ýyl soň komando hökmünde Ýewropanyň çempiony boldy.

Ruminiýada geçirlen Ýewropa Göreş çempionadynda 2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal alan Türkiýäniň milli ýygyndy göreş komandasy Ýewropanyň çempiony boldy.

Türkiýe şeýlelikde 1993-nji ýylda geçirlen Ýewropa çempionadyndan soň ilkinji gezek erkin göreş boýunça çempion boldy.

92 kilogram agyrlykda Feýzullah Aktürk we 125 kilogram agyrlykda Taha Akgül altyn medal aldy.

Taha Akgül erkin göreş boýunça 125 kilogram agyrlykda gresiýaly Geno Petriaşwili bilen bäsleşdi.

Bäsdeşini 5-4 hasabynda utan Taha yzly yzyna 4-nji we jemi 11-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

Feýzullah Aktürk erkin göreş boýunça 92 kilogram agyrlykda slowakiýaly Boris Makoew bilen bäsleşdi.

Bäsdeşini 8-0 hasabynda ýeňen Feýzullah yzly-yzyna 3-nji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar