Nesrin Baş Altyn Medal Aldy

Nesrin Baş, zenanlaryň arasynda 72 kilogram agyrlykda altyn medal aldy.

2103562
Nesrin Baş Altyn Medal Aldy
Kadın Milli Takımı güreş.jpg

Ruminiýada geçirlen Ýewropa göreş çempionatynda milli türgen Nesrin Baş, zenanlaryň arasynda 72 kilogram agyrlykda altyn medal aldy.

Milli türgen Nesrin Baş final bäsleşiginde soňky Ýewropa çempiony ruminiýaly Aleksandra Nikolete Angel bilen bäsleşdi.

21 ýaşyndaky milli türgen, bäsdeşigini 5-1 hasabynda ýeňip ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan göreş komandasy, Ýewropa göreş çempionadynda Ýewropanyň ikinjisi boldy.

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan göreş komandasy guramaçylygy 3 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medal bilen jemi 107 bal bilen ikinji ýerde tamamlady.

Ukraina 112 bal bilen birinji, Azerbaýjan hem 68 bal bilen üçünji orny eýeledi.

Türk türgenleri Buse Tosun Çawuşogly 68 kilogram agyrlykda, Nesrin Baş 72 kilogram agyrlykda, Ýasemin Adar Ýigit hem 76 kilogram agyrlykda altyn, Ewin Demirhan Ýawuz 50 kilogram agyrlykda kümüş, Zeýnep Ýitgil hem 53 kilogram agyrlykda bürünç medal aldy.

 

 

 



Degişli Habarlar