Türkiýe, Grek-rim Göreşi Boýunça Ikinji Gezek Çempion Boldy

Milli ýygyndy grek-rim göreş komandasy yzly yzyna ikinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

2102567
Türkiýe, Grek-rim Göreşi Boýunça Ikinji Gezek Çempion Boldy

Türkiýäniň Milli ýygyndy grek-rim göreş komandasy yzly yzyna ikinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

Ruminiýada geçirlen 2024 Ýewropa Göreş çempionadynda iki altyn, üç kümüş we bir bürünç medal alan Türkiýäniň Milli ýygyndy grek-rim göreş komandasy, yzly yzyna ikinji gezek çempion boldy.

Çempionadyň grek-rim göreşi boýunça bäsleşikleri tamamlandy.

Türkiýe çempionatda grek-rim göreşi boýunça 72 kilogram agyrlykda Selçuk Jan we 82 kilogram agyrlykda Alperen Berber altyn medal aldy.

Geçen ýyl Horwatiýada geçirlen Ýewropa çempionatynda hem çempion bolan Türkiýäniň Milli ýygyndy grek-rim göreş komandasy taryhynda ilkinji gezek yzly yzyna ikinji gezek çempion boldy.



Degişli Habarlar