Afrikanyň Milliler kubogynyň çempiony Kot-d' Iwuar boldy

Kot-d' Iwuar ozal bolsa 1992-nji we 2015-nji ýyllarda Afrikanyň çempiony bolupdy

2100977
Afrikanyň Milliler kubogynyň çempiony Kot-d' Iwuar boldy

Afrikanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan şu ýyl 34-nji gezek geçirilýän turniriň finalynda Nigeriýa bilen ýer eýesi Kot-d' Iwuar özara bäsleşdi. 

Kot-d' Iwuar 1-0 hasabynda ýeňilip gelýän duşuşygyň ahyrynda Nigeriýany 2-1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden gelip, ýaryşyň çempiony boldy.  

Kot-d' Iwuaryň çempion bolan duşuşykda gollary garşydaş ýygyndynyň derwezesine 62-nji minutda Frank Kessi we 81-nji minutda Sebastian Haller geçirdi. 

Nigeriýanyň ýeke täk goluny bolsa 38-nji minutda Willion Troost-Ekong geçirdi. 

Kot-d' Iwuar taryhynda 3-nji gezek Afrikanyň kubogyny gazandy. 

Kot-d' Iwuar ozal bolsa 1992-nji we 2015-nji ýyllarda Afrikanyň çempiony bolupdy. 



Degişli Habarlar