Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Stambul howa menzili 29-njy ýanwar 4-nji fewral aralygynda gündelik ortaça 1309 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy

2099844
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Eurokontrol edarasynyň 29-njy ýanwar 4-nji fewral aralygyndaky Ýewropanyň Awiasiýa habarnamasy çap edildi. 

Habarnama görä Stambul howa menzili 29-njy ýanwar 4-nji fewral aralygynda gündelik ortaça 1309 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy. 

Stambul howa menzilinden soň gündelik 1219 uçar sapary bilen London Hitrou howa menzili 2-nji we 1180 uçar sapary bilen Amsterdam Shiphol howa menzili 3-nji boldy. 


Etiketkalar: #howa menzili , #Stambul

Degişli Habarlar