Antalýa Ýanwar Aýynda 229 Müň 737 Syýahatçy Geldi

Antalýa 2024-nji ýyla depginli başlady.

2099628
Antalýa Ýanwar Aýynda 229 Müň 737 Syýahatçy Geldi

Syýahatçylaryň sany we gazanylan girdeji taýdan geçen ýyl uly rekord goýan Antalýa 2024-nji ýyla depginli başlady.

2023-nji ýylda dünýäniň çar tarapyndan gelen 16 million 84 müň 737  adamy myhman alan Antalýa, täze ýyla depginli başlady.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň birinji aýynda Antalýa 229 müň 97 syýahatçy geldi.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda şähere 220 müň 10 syýahatçy gelipdi. Şol san 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 4,13 göterim artdy.

Şähere iň köp syýahatçy Russiýadan geldi.

Russiýa şähere iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 57 müň 366 adam bilen birinji orny eýeledi.

Russiýadan soň sanawda 39 müň 427 adam bilen Germaniýa ikinji, 17 müň 930 syýahatçy bilen Britaniýa üçünji, 9 müň 121 syýahatçy bilen Polşa hem dördünji orny eýeledi.

Ukraina, Gazagystan, Gollandiýa, Eýran, Belgiýa we Gyrgyzystan hem ilkinji 10 ýurduň hatarynda ýer aldy.

 



Degişli Habarlar