Antalýa Ýanwar Aýynda 229 Müň 97 Syýahatçy Geldi

Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçy sany 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 4,1 göterim artdy

2096887
Antalýa Ýanwar Aýynda 229 Müň 97 Syýahatçy Geldi

Dünýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýada, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda gelen daşary ýurtly syýahatçy sany taýdan rekord goýuldy.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, geçen aý Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçy sany 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 4,1 göterim artyp 229 müň 97 adama ýetdi.

Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Russiýa, Germaniýa, Britaniýa, Polşa, Ukraina, Gazagystan, Gollandiýa, Eýran, Belgiýa, Gyrgyzstan, Fransiýa we Şwesiýa esasy orun eýeledi.

 

 

 


Etiketkalar: #syýahatçylyk , #Antalýa

Degişli Habarlar