Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Stambul howa menzili 15-21-njy ýanwar aralygynda gündelik ortaça 1301 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy

2095461
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Eurokontrol edarasynyň 15-21-njy ýanwar  aralygyndaky Ýewropanyň Awiasiýa habarnamasy çap edildi. 

Habarnama görä Stambul howa menzili 15-21-njy ýanwar aralygynda gündelik ortaça 1301 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy. 

Stambul howa menzilinden soň gündelik 1164 uçar sapary bilen London Hitrou howa menzili 2-nji we 1230 uçar sapary bilen Amsterdam Shiphol howa menzili 3-nji boldy. 



Degişli Habarlar