Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Stambul howa menzili täze ýylyň ilkinji hepdesinde gündelik ortaça 1329 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy

2086595
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Eurokontrol edarasy 1-7-nji ýanwar aralygy bilen bagly Ýewropanyň Raýat Awiasiýa habarnamasyny çap etdi. 

Habarnama görä Stambul howa menzili täze ýylyň ilkinji hepdesinde gündelik ortaça 1329 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy. 

Stambul howa menzilinden soň gündelik 1248 uçar sapary bilen Amsterdam Shiphol howa menzili 2-nji we 1230 uçar sapary bilen London Hitrou howa menzili 3-nji boldy. 



Degişli Habarlar