TOGG-yň täze Sedan modeli "CES 2024"-de sergilener
Türkiyäniň Awtoulag kärhanasy TOGG, sarp ediji elektronikasy we IT sergisi "CES 2024"-de sergilenmegine garaşylýan täze sedan modeliniň ilkinji tanşdyrylyş wideosyny paýlaşdy
2085433
TOGG-yň X platformasyndan "T10" sözbaşysy bilen paýlaşan wideosynda sorag belgisi bilen täze modeliň adyna ünsler çekildi, awtoulagyň fastbek liniýalaryna eýe bolan sedan modelidigi habar berildi.
ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde 9-12-nji ýanwar aralygynda geçiriljek "CES 2024" sergisinde sergilenjek täze nusganyň "T10S" ady bilen bazara çykaryljakdygy çak edilýär.
Türkiyäniň senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, TOGG-yň sedan modeliniň 2024-nji ýylyň ahyrynda tanyşdyryljakdygyny, 2025-nji ýylda hem öndürilmäge başlanjakdygyny habar beripdi.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Gäminiň esasy bölegi britaniýaly 1800 ýolagçysy bilen 1100 ekipažy bar.