Ekwadorda Türkiýäniň Gözellikleri Sergisi Açyldy

Günorta Amerikan ýurtlaryndan Ekwadorda Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde “Türkiýäniň gözellikleri” atly sergi açyldy.

2075579
Ekwadorda Türkiýäniň Gözellikleri Sergisi Açyldy

Dünýäniň dürli şäherlerinde 15-nji gezek guralýan sergi, Latyn Amerikada ilkinji gezek Kitoda açyldy.

Türkiýäniň dürli sebitlerindäki tebigy, binagärçilik we taryhy gözellikleri özünde jemleýän serginiň açylyşyna Ekwadoryň Medeniýet we miras ministri Romina Munoz, Türkiýäniň Kitodaky Ilçisi Makbule Başak Ýalçyn, köp sanly ýurduň diplomatik wekileri bilen ol ýerde ýaşaýan türk raýatlary gatnaşdylar.

Ministr Munoz ol ýerde sözlän sözünde esasanda soňky bir ýylyň dowamynda geçirilen çäreleriň saýasynda türk medeniýetiniň Ekwadoryň halky bilen hasam ýakynlaşandygyny we ondan hoşaldyklaryny beýan etdi.

Ilçi Ýalçyn hem Ekwadoryň halkynyň türk medeniýetine bolan ýokary gyzyklanmasyna ünsi çekip, respublikanyň ikinji asyrynda bu sergini guramakdan örän bagtyýarlyk duýýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar