Erdoganlar Maşgalasy “Aýbüke: Mugallyma Boldum Men” Filminiň Galasyna Gatnaşdy

Film şu gün kino-teatrlardan görkezilmäge başlandy.

2068446
Erdoganlar Maşgalasy “Aýbüke: Mugallyma Boldum Men” Filminiň Galasyna Gatnaşdy

Prezident R.T.Erdogan we maşgalasy Emine Erdogan Batman welaýatynyň Kozluk etrabynda 2017-nji ýylda terrorçylar tarapyndan öldürilen 22 ýaşly şehit mugallyma Şehaý Aýbüke Ýalçynyň ömri we mugallymçylyk gaýratyny gürrüň berýän “Aýbüke; Mugallyma boldum men!” atly filmiň galasyna gatnaşdy.

Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasynyň bilelikdäki produksiýasy bilen surata düşürilen we 24-nji noýabr Mugallymlar gününde kino muşdaklaryna hödürlenýän “Aýbüke: Mugallyma Boldum Men” filminiň galasy paýtagt Ankarada Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde boldy.

Prezident Erdogan filme aýaly Emine Erdogan, şehit mugallyma Aýbüke Ýalçynyň ejesi Zehra, kakasy Sadyk, doğany Aýbars Ýalçyn we filmiň artistleri bilen bilelikde tomaşa etdi.

Filmiň gutarmagyndan soň maşgalasy Emine Erdogan bilen Sahna çykan Prezident Erdogana şehit mugallymanyň maşgala agzalary tarapyndan Aýbüke Ýalçynyň çalan saz guraly bolan baglama sowgat edildi.

TRT-niň Baş müdiri Mehmed Zahid Sobajy hem Emine Erdogana Aýbüke Ýalçynyň simwollaşan suratyndaky gyzyl öýmäni we miniatur baglamany sowgat etdi.

Filmin ssenarisini Ugur Kylyç bilen Ozan Budur ýazdy, režisýorlygyny bolsa Muran Onbul ýerine ýetirdi.



Degişli Habarlar