Ministr Ersoý: "Ýurdumyza 45,2 million adam geldi" diýip habar berdi

Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Türkiyä gelen syýahatçylaryň sanynyň 45,2 million bolandygyny mälim etdi

2064905
Ministr Ersoý: "Ýurdumyza 45,2 million adam geldi" diýip habar berdi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM)  Meýilnama we býujet komissiýasynda ministrligiň 2024-nji ýylyň býujet programmasynda. Türkiyäniň bütin dünýäniň kabul edýän syýahatçylyk ýurdudygyny, syýahatçylykda üstünligiň ilkinji ädiminiň bolsa mahabatdan geçýändigini habar berdi. 

Geçen ýyl Türkiyä ondan öňki ýyla garanyňda 71 göterimlik artyş bilen 51,4 million adamyň gelip görendigini aýdan Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý: "2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda ýurdumyza 45,2 million adam geldi. Adam sany bilen birlikde syýahatçylykdan alynýan girdeji hem ýokarlaýar. Adam başyna bir gijelik girdeji 2022-nji ýylda 89 dollar bolan bolsa, 2023-nji ýylyň ilkinji 9 aýlyk döwründe şol görkeziji 100 dollara ýetdi. Ol bolsa 2017-nji ýyla garanyňda 55 göterimlik artyş manysyny berýär. Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejimiz ýylyň ilkinji 9 aýynda 42 milliard dollar bolup, Orta möhletli meýilnama maksadymyz 55,6 milliard dollar bilen sazlaşykly ýagdaýda dowam edýär" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar