TRT World Kipr bilen bagly dokumental film taýarlady
Soňky wagtlarda amala aşyran üstünlikli işleri bilen ünsleri özüne çeken, Türkiyäniň öňbaşçy halkara TRT World habar kanaly täze eseri bilen tomaşaçylaryň öňünde peýda bolýar
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) esaslandyrylmagynyň 40-njy ýyl ýubileýinde 6 bölümden ybarat "The Forfront Cyprus" atly dokumental teleserialy bilen Kipr türk halkynyň barlygynyň we garaşsyzlygynyň hekaýasyny tomaşaçylara ýetirer.
Türkçe ady "Garaşsyzlyk Ýoly Kipr" bolan dokumental teleserial şol bir wagtda Kipr Parahatçylyk Operasiýasynyň 50-njy ýylyny ýatlap geçmek taýdan hem uly ähmiýete eýedir.
Dokumental filmiň taýarlyk tapgyrynda DKTR we Türkiye bilen birlikde Beýik Britaniýa, Gresiýa, Fransiýa, Ispaniýa we Kipriň Grek Bölegi ýaly ýurtlarda ýörite materiallar ýygnaldy we reportažlar alyndy.
Kipr türk garşylygynyň başlan ýeri bolan Erenköýde hem şu günki güne çenli edilmedik örän jikme-jik gürrüňlere ýer berildi.
TRT Worldyň işgärleri BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda hem reportažlar geçirdi.
Dokumental film üçin aralarynda syýasatçylar, ozalky döwlet baştutanlary, ministrler, diplomatlar, BMG we Ýewropa Bileleşiginiň resmileri, taryhçylar, mujahidler, weteranlar we ençeme şaýatdan ybarat takmynan 50 adam bilen ýörite reportaž geçirildi.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Gäminiň esasy bölegi britaniýaly 1800 ýolagçysy bilen 1100 ekipažy bar.
“Star Legend” Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Gäminiň esasy bölegi amerikaly 283 ýolagçysy bilen 194 ekipažy bar.