Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär

“MSC Musica” atly kruiz gämisi Muglanyň Marmaris etrabyna geldi.

2059157
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär

Ysraýyl-Palestina çaknyşygy sebäpli Haýfa portuna gitmekden ýüz öwüren Panamanyň baýdagyny göterýän “MSC Musica” atly kruiz gämisi Muglanyň Marmaris etrabyna geldi.

Aýdynyň Kuşadasy portuna gelen kruiz gämisi soň bolsa Ysraýylyň ýerine Marmarise gitmegi saýlap aldy.

Marmaris portuna gelen 294 metr uzynlygyndaky kruiz gämisiniň esasy bölegi awstriýaly, ispaniýaly we taýwanly 1800 ýolagçysy bilen 900 ekipažy bar.

Şäher merkezindäki taryhy we syýahatçylyk ýerlerine baryp gören syýahatçylar, Marmarisdäki ýapyk bazardan sowgatlyk aldylar.



Degişli Habarlar