Saraýewoda Milli Türk Sungatlarynyň Sergisi Açyldy

Sergide 33 eser sergilenýär.

2052013
Saraýewoda Milli Türk Sungatlarynyň Sergisi Açyldy

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewoda Mimar Sinan adyndaky Amaly haşam sungatlary uniwersitetinden Professor Ahmet Sajit Açykgözoglynyň we toparynyň eserlerinden ybarat bolan “Milli türk sungatlary sergisi” açyldy.

Saraýewodaky Gazi Hüsrew Beý medresesinde açylan sergä Türkiýäniň Saraýewodaky Ilçihanasy, Ýunus Emre instituty we Bosniýa-Gersegowinanyň Yslam bileleşigi hem goldaw berdi.

Açylyş dabarasyna Türkiýäniň Saraýewodaky Ilçisi Sadyk Babür Girgin, Ýunus Emre institutynyň Saraýewodaky müdiri Mehmet Akif Ýaman bilen Türkiýäniň degişli guramalarynyň wekilleri we myhmanlar gatnaşdylar.

“Milli türk sungatlary sergisinde” hatdatlyk, ebru, tezhip, miniatýura,  kubur we syrça sungaty bilen sünnälenen 33 eser sergilenýär.



Degişli Habarlar