Panamanyň "Crown Iris" kruiz gämisi Alanýa geldi
Gämi şu ýyl etraba 6-njy gezek gelýär
2047247
Panamanyň baýdagyny göterýän "Crown Iris" kruiz gämisi Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabynyň portyna geldi.
Ysraýylyň Haýfa portyndan ýola çykan 207 metr uzynlygyndaky gämi, Alanýa portyna geldi.
Gämide aglabasy ysraýylly bolan 1671 ýolagçynyň we 577 işgäriň bardygy habar berildi.
Gümrük işlerinden soň gämiden düşen syýahatçylaryň käbirleri etrabyň merkezine söwda etmäge, käbirleri bolsa Alanýanyň taryhy we syýahatçylyk ýerlerine gezelenç etmäge çykdylar.
Gämi şu ýyl etraba 6-njy gezek gelýär.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Gäminiň esasy bölegi britaniýaly 1800 ýolagçysy bilen 1100 ekipažy bar.