Türkiýe Ýylyň 8 Aýynda 36,7 Million Syýahatçy Kabul Etdi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň beýan etmegine görä sentýabr aýyna çenli Türkiýä 33,4 milion daşary ýurtly we 3,2 million daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar geldiler.

2040919
Türkiýe Ýylyň 8 Aýynda 36,7 Million Syýahatçy Kabul Etdi

8 aýly möhletde Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13,95 göterim artdy.

Degişli döwürde Türkiýä esasy syýahatçy uğradan ýurtlaryň sanawynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä Russiýa Federasiýasy 44,84 göterim artyş we 4,3 million adam bilen birinji, Germaniýa 6,03 artyş we 4,082 million adam bilen ikinji, Britaniýa bolsa 12,36 artyş we 2,6 million adam bilen üçünji orny eýeledi. Bu ýurtlardan soň nobaty bilen Bolgariýadan we Eýrandan syýahatçylar geldi.

Türkiýä awgust aýynda gelen daşary ýurtly syýahatçy sany geçen ýylyň degişli döwrüne görä 5,65 göterim ýokarlap, 6,6 million adama deň boldy.



Degişli Habarlar