Buse Tosun Çawuşoglu Dünýä Çempiony Boldy

68 kilogram agyrlykda bäsleşen Buse Tosun Çawuşoglu, altyn medal aldy.

2040689
Buse Tosun Çawuşoglu Dünýä Çempiony Boldy

Milli göreşçi Buse Tosun Çawuşoglu, Serbiýada geçirilýän 2023 Dünýä Göreş çempionadyna gatnaşdy.

68 kilogram agyrlykda bäsleşen Buse Tosun Çawuşoglu, altyn medal aldy.

Buse Tosun Çawuşoglu, paýtagt Belgatda geçirilýän guramaçylykda zenanlaryň arasynda 68 kilogram agyrlykda Mongoliýaly Delgermaa Enhsaýhan bilen bäsleşdi.

Bäsdeşigini ýeňen milli göreşçi, ilkinji gezek dünýä çempiony boldy.

Buse Tosun Çawuşoglu, Ýasemin Adar Ýigitden soň dünýä çempiony bolan ilkinji türk zenan göreşçi boldy.



Degişli Habarlar