Ahmet Önder Çeper gimnastika çempionatynda altyn medala eýe boldy
Türkiyäniň Milli türgeni Ahmet Önder Mersinde geçirilen Çeper gimnastika boýunça Bütindünýä Challenge kubogunda altyn medala eýe boldy
2032444
Mersin Olimpiýa gimnastika zalynda geçirilen çäräniň soňky gününde türgenler, aýratyn gurallar boýunça geçirilen final tutluşygynda özara bäsleşdiler.
Ýer gurallarynda çykyş eden milli gimnastikaçy Ahmet Önder, emin agzalar tarapyndan berilen 13,800 bal bilen 1-nji oruna eýe boldy we altyn medal gazandy.
Tapawutly ýurtlardan 8 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda Beýik Britaniýadan Kemeron Linn 13,600 bal bilen kümüş medala, Wengriýadan Benedek Tomçani 13,550 bal bilen bürünç medala eýe boldy.
Degişli Habarlar
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Samsuna Geldi
“Astoria Grande” atly kruiz gämisi Samsundan soň Trabzona gider.