Woleýbolçy Gyzlar Çärýek Finalda Polşa Bilen Bäsleşer
Bäsleşik Türkiýe wagty bilen 18.00-da başlar we TRT Sport kanaly arkaly ýaýlyma berler.
Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy Ýewropa çempionadynda çärýek finalda ertir Polşa bilen bäsleşer.
Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki Paleis 12 sport zalynda geçiriljek bäsleşik Türkiýe wagty bilen 18.00-da başlar we TRT Sport kanaly arkaly ýaýlyma berler.
Germaniýada geçirlen J toparyndaky 5 bäsleşiginde hem üstünlik gazanyp soňky 16 tapgyra gatnaşan Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Belgiýany hem 3-1 hasabynda utup, çempionatda 6-njy üstünligini gazandy we çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandy.
Polşa bolsa A toparynda 4 bäsleşiginde üstünlik gazandy, Serbiýadan bolsa ýeňildi.
Serbiýadan soň toparyny 2-nji ýerde tamamlap soňky 16 tapgyrynda Germaniýany 3-0 hasabynda utan Polşa, çärýek finalda Türkiýäniň bäsdeşi boldy.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Gäminiň esasy bölegi britaniýaly 1800 ýolagçysy bilen 1100 ekipažy bar.