Stambul syýahatçylaryň sany boýunça soňky 10 ýylyň rekordyny täzeledi

Stambul iýul aýynda kabul eden 1 million 873 müň 97 adam bilen soňky 10 ýylyň aýlyk görkezijileri boýunça iň köp syýahatçy sanyna ýetdi

2029973
Stambul syýahatçylaryň sany boýunça soňky 10 ýylyň rekordyny täzeledi

Stambulyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, Stambula 2022-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda 8 million 514 müň 806 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Syýahatçylaryň sany şu ýylyň ilkinji 7 aýynda 15 göterim artyp, 9 million 776 müň 635 adama ýetdi. 

Geçen ýylyň iýul aýynda 1 million 759 müň 506 daşary ýurtly syýahatçynyň gelen şähere, şu ýylyň iýul aýynda 1 million 873 müň 87 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Şeýlelik bilen iýul aýynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýyla garanyňda takmynan 6 göterim artdy. 

Şu ýylyň iýul aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sanawy: Russiýa 185 müň 636 syýahatçy, Germaniýa 135 müň 568 syýahatçy, Saud Arabystany 135 müň 96 syýahatçy, ABŞ 105 müň 41 syýahatçy, Eýran 97 müň 352 syýahatçy, Fransiýa 69 müň 263 syýahatçy, Beýik Britaniýa 69 müň 6 syýahatçy, Yrak 51 müň 257 syýahatçy, Kuweýt 45 müň 854 syýahatçy, Ysraýyl 45 müň 257 syýahatçy, Gollandiýa 44 müň 273 syýahatçy. 

Stambula dünýäniň 196 ýurdundan syýahatçy geldi, şolaryň hatarynda Solomon adalaryndan, Demirgazyk Koreýadan we Papua Täze Gwineýadan her birinden 1 adam, Laos we Gündogar Timordan bolsa her birinden 2 adam geldi. 



Degişli Habarlar