Antalýa howa ýollary arkaly gelýän syýahatçylaryň sany artmaga dowam edýär

Işjeň dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şäherde geçen ýyla garanyňda 20 göterimlik artyş hasaba alyndy

2028418
Antalýa howa ýollary arkaly gelýän syýahatçylaryň sany artmaga dowam edýär

Antalýa 1-nji ýanwar-22-nji awgust aralygynda howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20 göterim artyp, 10 million 64 müň 782 adama ýetdi. 

Welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, Antalýa 1-22-nji awgust aralygynda 1 million 880 müň 693 syýahatçy geldi. 

Işjeň dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şäherde geçen ýyla garanyňda 20 göterimlik artyş hasaba alyndy. 

Syýahatçylykda rekord ýyly hökmünde bilinýän 2019-njy ýylda 1-nji ýanwar-22-nji awgust aralygynda Antalýa howa ýollary arkaly 10 million 5 müň 325 syýahatçy gelipdi. 



Degişli Habarlar