UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar

UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün 1 duşuşyk bilen başlar

2021331
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar

Ýewropa futbolunyň klublar derejesindäki iň uly 2-nji turniri bolan UEFA Ýewropa Ligasynyň ilkinji duşuşygynda Gazagystanyň wekili Astana komandasy, Bolgariýanyň wekili Ludogorets komandasyny Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-da kabul eder. 

UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyryndaky beýleki 6 duşuşyk bolsa 10-njy awgustda penşenbe güni geçiriler. Jogap duşuşyklar bolsa 17-nji awgustda penşenbe güni geçiriler. 

UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynda geçiriljek duşuşyklar we olaryň wagtlary: 

Şu gün: 

17.00 Astana (Gazagystan) - Ludogorets (Bolgariýa)

10-njy awgust, penşenbe güni: 

19.00 Zalgiris (Litwa) - Haken (Şwesiýa)

19.00 Garabag (Azerbaýjan) - HJK (Finlýandiýa)

20.00 Şerif (Moldowiýa) - BATE (Belarussiýa)

20.00 Slawiýa Praga (Çehiýa) - Dnepro-1 (Ukraina)

22.00 Zrinski (Bosniýa-Gersegowina) - Breýdablik (Islandiýa)

22.00 Olimpiakos (Gresiýa) - Genk (Belgiýa)



Degişli Habarlar