Türk Okuwçylary Halkara Olimpiadalarda 10 Medal Aldy

Türk okuwçylary, halkara matematika we biologiýa olimpiadalarynda 1 altyn, 8 kümüş we 1 bürünç medal aldy.

2012391
Türk Okuwçylary Halkara Olimpiadalarda 10 Medal Aldy

Türk okuwçylary, Ýaponiýada we Birleşen Arap Emirliklerinde geçirlen halkara matematika we biologiýa olimpiadalarynda 1 altyn, 8 kümüş we 1 bürünç medal aldy.

Senagat we tehnalogiýa ministrliginden berlen beýannama görä, Ýaponiýada 112 ýurtdan 623 okuwçynyň gatnaşmagynda geçirlen 64-nji Halkara matematika olimpiadalaryna Türkiýäniň adyndan gatnaşana Mehmet Jan Baştemir altyn, Baryş Koýunju, Şewket Onur Ýylmaz, Melek Güngör, Serdar Bozdag bilen Hakan Gündogar hem kümüş medal aldy.

Türkiýe halkara matematika olimpiadalarynda 112 ýurdsuň arasynda 8-nji orny eýeledi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Al Ain şäherinde 80 ýurtdan 320 okuwçynyň gatnaşmagynda geçirlen 34-nji Halkara biologiýa olimpiadalarynda hem Türkiýeden Halil Eren Uýar, Erdem Ýalmanoglu, Tolga Tabanly kümüş we Kerem Aýdyn hem bürünç medal aldy.

 

 

 



Degişli Habarlar