Agry welaýatynda daşary ýurtlylardan ybarat alpinist topar Agry dagyna çykdy

5137 metr belentlikdäki Agry dagy, Türkiyäniň iň beýik dagydyr

2005877
Agry welaýatynda daşary ýurtlylardan ybarat alpinist topar Agry dagyna çykdy

Terrordan saplanyndan soň açylan we tomus we gyş möwsümlerinde alpnistlere ýer eýeçiligini edýän Agry dagy, bu gezek bolsa daşary ýurtly syýahatçylardan emele gelýän topary kabul etdi. 

Ilkinji gün 3 müň 200 metr belentlige çykan alpinistler, ol ýerde dynç alanlaryndan soň 4 müň 200 metr belentlige çykyp ol ýerde dynç aldylar. 

Gije ýaňadandan daga çykmaga başlan alpinistler 6 sagadyň ahyrynda Agry dagynyň iň belent depesine çykdylar. 

5137 metr belentlikdäki Agry dagy, Türkiyäniň iň beýik dagydyr.



Degişli Habarlar