“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Sinop Portuna Geldi

Kruiz gämisiniň 741 ýolagçysy bar

2003694
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Sinop Portuna Geldi

 

Russiýanyň Soçi şäherinden ýola çykan Panamanyň baýdagyny göterýän “Astoria Grande” atly kruiz gämisi Izmirden soň Türkiýedäki ilkinji duralgasy bolan Sinop portuna geldi.

Izmirden soň Sinop şäherine gelen kruiz gämisiniň 741 ýolagçysy bar.

Şähere şu ýyl 3-nji gezek gelen kruiz gämisiniň ýolagçylary şäherdäki taryhy we syýahatçylyk ýerlerine baryp gördi.

“Astoria Grande” atly kruiz gämisi, Sinopdan soň Soçi şäherine gider.

 

 


Etiketkalar: #kruiz gämi , #Sinop , #Soçi , #Russiýa

Degişli Habarlar