Galatasaraý çempion boldy

Galatasaraý komandasy şeýlelik bilen 23-nji gezek çempion boldy

1993250
Galatasaraý çempion boldy

MKA Ankaragüjü toparyny 4-1 hasabynda ýeňen Galatasaraý, liganyň tamamlanmagyna 2 hepde galanda Sport Toto Super ligada çempionlygyny yglan etdi. 

Galatasaraý komandasy şeýlelik bilen 23-nji gezek çempion boldy. 

Ankara Erýaman stadionynda geçirilen duşuşykda Galatasaraý toparynyň gollaryny garşdaş topary derwezesine Mauro Ikardi (2), Baryş Alper Ýylmaz we Serhio Oliweýra geçirdi. 

MKA Ankaragüjü toparynyň goluny bolsa Milson geçirdi. 

Şol netije bilen balyny 82-ä ýetiren Okan Burukyň ýolbaşçylyk etmegindäki Galatasaraý, öz topary ýaly ligada 1 duşuşygy galan 2-nji orundaky Fenerbahçe bilen bolan 5 ballyk tapawudyny gorap saklap, çempion boldy. 

Galatasaraý UEFA Çempionlar ligasynyň topariçi duşuşyklarynda ýaryşmak üçin saýlama tapgyrynda bäsleşer. 



Degişli Habarlar