Şweýsariýada Türk Medeniýet festiwaly geçirilýär
Festiwal ertir geçiriljek çäreler bilen öz işini tamamlar
Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde şu ýyl 3-nji gezek geçirilýän Türk Medeniýet festiwalyna ýurtda ýaşaýan türkler uly gyzyklanma bildirýär.
Şweýsariýanyň Türk Din gaznasynyň Sýurihiň Dielsdorf sebitinde geçiren festiwalyň ilkinji gününde Mehteran toparynyň çykyşy, Hajiwat bilen Karagöz oýuny, Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň hemaýatkärlik etmeginde TRT-niň halanýan serialy "Rafadan Taýfa" görkezildi we halk tanslary ýerine ýetirildi.
Festiwala gatnaşan Türkiyäniň Sýurih şäherindäki baş konsuly Hasan Emre Uýgun, çärä geçen ýyl 30 müň adamyň gatnaşandygyny, şu ýyl şol sanyň 40 müňden geçjekdigini beýan etdi.
Festiwal ertir geçiriljek çäreler bilen öz işini tamamlar.
Degişli Habarlar
Göreme Muzeýine 275 Müň 705 Adam Gelip Gördi
Newşehirdäki Göreme açyk howa muzeýi buthanalary we manastyrlary bilen ýakyndan tanalýar.