Türkiýeden 24 neşirýat gullugy "London kitap sergisine" gatnaşýar

Dünýä derejesinde neşirýat we roýalti satuw pudagynyň möhüm çäreleriniň biri bolan "London kitap sergisine" Türkiýeden 24 neşirýat gullugy gatnaşýar

1977078
Türkiýeden 24 neşirýat gullugy "London kitap sergisine" gatnaşýar

Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherindäki "Olympia London" sergi meýdançasynda şu ýyl 52-nji gezek geçirilýän "London kitap sergisine" Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hemaýatkärlik etmeginde açylan "Türkiye" stendi bilen birlikde 14 gatnaşyjysy bilen Stambul Söwda palatasynyň stendi hem açyldy. 

Sergä Türkiyeden 10 neşirýat gullugy hem awtorlyk hukugy we satuw gepleşikleri üçin aýratyn gatnaşdy. 

Şu ýyl 18-20-nji aprel aralygynda geçirilýän "London kitap sergisiniň" 1700 gatnaşyjy firma bilen takmynan 60 ýurtdan 25 müň myhmany kabul etmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar