Ministr Kasapoglu Çeper Gimnastika Boýunça Üstünlik Gazanan Türgenleri Garşylady

Ministr Kasapoglu, Çeper gimnastika Ýewropa çempionadynda medal alan türk türgenler bilen duşuşdy.

1976374
Ministr Kasapoglu Çeper Gimnastika Boýunça Üstünlik Gazanan Türgenleri Garşylady
Kasapoğlu İzmir sporcu karşılama Togg ...jpg
Kasapoğlu İzmir sporcu karşılama Togg 4.jpg
Kasapoğlu İzmir sporcu karşılama Togg 3.jpg
Kasapoğlu İzmir sporcu karşılama Togg 2.jpg

 

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu Izmirde Çeper gimnastika Ýewropa çempionadynda medal alan türk türgenleri garşylady.

Ministr Kasapoglu, Adnan Menderes howa menzilinde, Antalýada geçirlen Çeper gimnastika Ýewropa çempionadynda medal alan türk türgenler bilen duşuşdy.

Türgenleri gutlan, gazanan üstünlikleri bilen Türkiýäni buýsandyrandyklaryny aýdan Kasapoglu “Sporduň birnäçe görnüşinde bolşy ýaly Türkiýe gimnastika boýunça hem taryh ýazýar. 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek olimpiada oýunlarynda hem uly üstünlikler gazanarys” diýdi.

Türkiýäniň ýerli we milli awtoulagy Toggyň hem özlerini buýsandyrandygyny aýdan ministr Kasapoglu “Olar bu buýsanjy başdan geçirdi. Ýene bir buýsançly waka bize garaşýar, olary Togg bilen alyp giderin” diýdi.



Degişli Habarlar