Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygy Sporda Hem Zeper Ýetirdi

Ýewropa Ştanga çempionadynyň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň baýdagynyň ýakylmagyna uly garşylyk görkezildi.

1975265
Azerbaýjan-Ermenistan Dartgynlygy Sporda Hem Zeper Ýetirdi

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilýän Ýewropa Ştanga çempionadynyň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň baýdagynyň ýakylmagyna uly garşylyk görkezildi.

Azerbaýjanyň topraklaryny basyp alyşlykdan halas etmeginden soň Ermenistan bilen başdan geçirilýän dartgynlyklar iki ýurduň kadalaşma etabyna zarba urýar.

Ýaňy ýakynda Azerbaýjanly iki esgeriň azaşyp Ermenistan serhedine geçmegi we esgerlere zulum edilmegi sebäpli başlan dartgynlygyň dowam edýän günlerinde bu gezek Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda sporda zeper ýetirildi.

Ýewropa ştanga çempionadynyň açylyş dabarasynda, çempionada gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklarynyň zala getirilýän pursatlarynda Azerbaýjanyň baýdagynyň ýakylmagyna uly garşylyk görkezildi.

Ady agzalýan rasist hüjüme Ýewropa Ştanga Federassiýasynyň Ermenistana jeza berip bermejekdigi ýakynda belli bolar.

 

 

 

 



 

 

 

 



Degişli Habarlar