Basketbol Komandasy Latwiýadan Ýeňildi

Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy Latwiýadan 83-74 hasabynda ýeňildi.

1951468
Basketbol Komandasy Latwiýadan Ýeňildi

 

Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy FIBA 2023 Dünýä kubogynyň Ýewropa boýunça seçip alyş bäsleşikleriniň 2-nji tapgyrynda I toparyndaky 5-nji bäsleşiginde Latwiýadan 83-74 hasabynda ýeňildi.

Basketbol komandasynyň türgenleri, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde ýogalanlar üçin bäsleşige gara formalary bilen çykdy.

Bäsleşik ýer titremelerinde ýogalanlar üçin 1 minut hormatly dymyşlyk edilmegi bilen başlady.

Türkiýäniň Milli ýygyndy basketbol komandasy, bäsleşikde Latwiadan 83-74 hasabynda ýeňildi.

Iki komandanň arasyndaky ilkinji duşuşykda hem Latwiýa 111-85 hasabynda üstünlik gazanypdy.


Etiketkalar: #Latwiýa , #komanda , #basketbol

Degişli Habarlar